Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy

Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy

Amerikaly aýdymçy zenan Teýlor Swift 2023-nji ýylda Fonogrammalary öndürijileriň halkara federasiýasynyň (IFPI) wersiýasy boýunça aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy diýlip yglan edildi. Ol bu derejä bassyr ikinji ýyl mynasyp boldy diýip, Ren.tv ýazýar.

Baýragyň döredilen 11 ýylynyň içinde aýdymçy zenan oňa eýýäm dördünji gezek mynasyp boldy.

Ady tutulan federasiýanyň bütin dünýäniň artistleriniň her ýylky çartynda Teýlor Swiftden soňky orunlary günorta koreý SEVENTEEN we Stray Kids ýerine ýetirijileri eýeledi.

Geçen ýylyň dekabrynda Swift Time žurnalynyň nusgasy boýunça her ýylky yglan edilýän Ýylyň adamy sanawynda ilkinji orny eýeläpdi, sanaw syýasatçylardyr artistlerden düzülýär.

Ýene degişli makalalar

Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi
Ýylyň adamy saýlandy
Putin ýylyň adamy diýen ady almak boýunça dalaşgärleriň sanawyna girizildi
“Ýylyň adamy” üçin finalistler belli boldy
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany