Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi

Time žurnaly aýdymçy Teýlor Swifti ýylyň adamy diýip yglan etdi

Time amerikan neşiri ýylyň adamy hökmünde aýdymçy zenan Teýlor Swifti yglan etdi, ol reýtingde Russiýanyň we Hytaýyň Liderleri Wladimir Putinden we Si Szinpinden, Britaniýanyň Patyşasy Karl III hem-de Barbi gurjakdan ozdurdy diýip, Euronews habar berýär.

Bu baýrak köplenç döwlet baştutanlaryna ýa-da senagat läheňlerine gowşurylýar. Emma aýdymçy Swift bir wagtda öz ykbalynyň hem ýazyjysy, hem gahrymany bolmagy başaran seýrek adam diýip, Time žurnalynyň baş redaktory Sem Jeýkobs habarçylara gürrüň berdi.

Time žurnaly ýylyň adamyny 1927-nji ýyldan bäri saýlaýar. Bu ada Franklin Ruzweltden başlap, ABŞ-nyň ähli Prezidentleri mynasyp boldy.

Neşir Russiýadan iki döwlet ýolbaşçysyny Mihail Gorbaçýewi (1987, 1989) we Wladimir Putini (2007) ýylyň adamy diýip yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

“Ýylyň adamy” üçin finalistler belli boldy
Putin ýylyň adamy diýen ady almak boýunça dalaşgärleriň sanawyna girizildi
Ýylyň adamy saýlandy
Teýlor Swift aýdymlary iň köp satylýan aýdymçy boldy
Baýden we Szinpin noýabrda duşuşyp biler
Döwletjan Ýagşymyradow indiki söweşini PFL 5 turniriniň çäginde 22-nji iýunda geçirer