TM Trade onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

TM Trade onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

TM Trade bitewi söwda platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça onlaýn hyzmatlaryny hödürleýär.

TM Trade bu kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine giň köpçüligi öz iş ugurlary bilen tanyşdyrmak, haryt nyşanynyň meşhurlygyny artdyrmak, täze hyzmatdaşlary, müşderileri hem-de haryt bilen üpjün edijileri tapmak üçin amatly we ýeňil usuldyr.

Ulgamyň hödürleýän hyzmatlary kompaniýanyň şahsy profilini ýa-da web-sahypasyny döretmegi, şeýle hem TM Trade-de mahabat bannerlerini hem-de satyn almak we satmak üçin bildirişleri ýerleşdirmegi öz içine alýar.

trade.com.tm internet-platformasyny döredenler üçin TM Trade usulynyň täsirli we amatly bolmagy örän wajypdyr. Şonuň üçin hem hyzmatlaryň we önümleriň sanawy 20-den gowrak kategoriýalara bölünendir, kärhanalar bolsa iş ugurlary we sebitler boýunça tapawutlandyrylyp, olaryň gysgaça maglumatlary we suratlary ýerleşdirilendir.

Mundan başga-da, saýt 4 dilde türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde elýeterlidir, bu bolsa onuň hereket edýän çäginiň ulalmagyna täsir edýär.

Onlaýn-hyzmat iOS we Android ulgamlary üçin niýetlenen ykjam programmalarda hem elýeterlidir.

TM Trade-iň hyzmatlary barada has anyk maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 62) 06 81 81, (+993 63) 73 87 46.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkent halkara maýa goýum foruma gatnaşýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa boýunça gatnawlaryny dowam etdirer
Diňle: “TMCELL” mobil operatory 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Bangkoga uçuşlary amala aşyrar, BMGÖM-niňsebit edarasynyň müdiri iş sapary bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanda Täze ýyl nyşanlary bolan dokma önümler çykaryldy we beýleki habarlar
TM CELL TÄZE 71-LIK KODUNY IŞE GIRIZDI
“TMCELL” mobil operatory 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýär
“TM-CELL” ulanyjylara wirtual telefon belgileri hödürledi