Balkan welaýatynda mugallymlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Balkan welaýatynda mugallymlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşi, Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Balkan gazetiniň redaksiýasy bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaş mugallymlaryň arasynda At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu barada Balkan gazeti habar berdi.

Bäsleşige Balkan welaýatynyň orta mekdepleriniň döredijilik bilen meşgullanýan, ýaşy 35-e çenli bolan ýaş mugallymlary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşik goşgy ýazmak ugry boýunça geçirilýär.

Bäsleşige hödürlenýän goşgular 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň balkanregionyaslar@sanly.tm elektron poçta salgysyna iberilmelidir. Bäsleşige gelen goşgulara 2024-nji ýylyň 9-njy dekabryna çenli eminler topary tarapyndan serediler we ýeňijiler kesgitleniler.

Bäsleşigiň ýeňijileri TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanar. Ýeňijileriň goşgulary Balkan gazetinde çap ediler.

Bäsleşik bilen bagly goşmaça maglumatlar üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 6-48-96, 2-01-23, 2-01-11, 6-07-95.

Ýene degişli makalalar

Iňlis dili boýunça geçirilen IV olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň ikinji aýlawy badalga aldy
Magtymguly etrabynda döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy baý mazmunly çäreler bilen utgaşdy
Ýaş inžener 2026 atly bäsleşik geçirildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy
2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy