To Lam ikinji möhlete täzeden saýlandy

To Lam ikinji möhlete täzeden saýlandy

Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň 14-nji çagyryşynyň Merkezi Komitetiniň agzalary To Lamy biragyzdan MK-nyň Baş sekretary wezipesine täzeden saýlady. “Thanh Niên” neşiriniň ýazmagyna görä, ol bu wezipäni 2031-nji ýyla çenli dowam etdirer.

2024-nji ýylyň awgustynda To Lam ilkinji gezek Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary wezipesine 2026-njy ýyla çenli saýlanypdy. Şol wagt To Lam şol bir wagtyň özünde Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesini hem ýerine ýetirýärdi.

Ol bu wezipäni 2024-nji ýylyň maýynda, wezipesinden çekilen Wo Wan Thyongyň ýerine eýeläpdi. Şol ýylyň oktýabrynda bolsa prezidentlik wezipesi To Lamdan goşun generali Lyong Kyonga geçipdi.

To Lam 1957-nji ýylyň 10-njy iýulynda Hyngýen welaýatynda doguldy.Ol Halk howpsuzlygy akademiýasyny tamamlady we ýönekeý esgerlikden başlap, Jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrliginiň bölümlerinde hem-de departamentlerinde ýolbaşçy wezipelerine çenli ýetdi. 1980-nji ýyllaryň başynda Kompartiýanyň hataryna girdi, soňra partiýanyň MK-syna, syýasy býurosyna girdi we parlamentiň deputaty boldy. 2016-njy ýylda ministr wezipesine bellenildi, üç ýyldan soň bolsa general derejesini aldy.

Ýene degişli makalalar

Wýetnam täze baş sekretaryny saýlady
TÜRKMEN-HYTAÝ STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ESASY UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Wýetnamyň Prezidenti ýurduň dolandyryjy partiýasynyň baş sekretarlygyna saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady