Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň täze saýlanylan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň täze saýlanylan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

“Vietnam News Agency” agentliginiň habar bermegine görä, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lam 2026-njy ýyldan 2031-nji ýyla çenli Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlady.

Habarda bellenilişi ýaly, Prezident saýlawlarynyň dowamynda ýurduň deputatlary To Lamy doly goldadylar. Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezident saýlawlarynyň netijeleri yglan edilenden soň, To Lam öz watanyna, partiýa we halka wepalylyk kasamyny kabul etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretarynyň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
To Lam ikinji möhlete täzeden saýlandy
Wýetnamyň täze Prezidenti
Lyong Kyong Wýetnamyň Prezidenti boldy