Tokio-2020: koreýaly ýaý atyjy ilkinji olimpiýa rekordyny goýdy

Tokio-2020: koreýaly ýaý atyjy ilkinji olimpiýa rekordyny goýdy

Tokioda (Ýaponiýa) geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda ýaýdan ok atmak boýunça deslapky ýaryş tamamlandy.Saýlama tapgyrynda Günorta Koreýanyň wekili San An iň gowy netijäni görkezip, täze olimpiýa rekordyny goýdy (680 utuk). Öňki rekord 1996-njy ýylda ukrainaly Lina Gerasimenko tarapyndan goýlupdy (673 utuk).

Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, San Anyň watandaşlary Minhee Çan (677) we Çhe-ýon Kan (675) eýeledi diýip, championat.com habar berýär.

Russiýaly Kseniýa Perowa sekizinji (664), Ýelena Osipowa 22-nji (651), Swetlana Gomboýewa 45-nji (630) boldy. Ýaryşlaryň saýlama tapgyrynda topar hasabynda Russiýanyň milli ýygyndysy altynjy orny eýeledi (1945). Birinji orun bolsa olimpiýa rekordy bilen Günorta Koreýanyň milli ýygyndysyna degişli boldy (2032).

Ýene degişli makalalar

Wolfgang Amadeý Mosartyň doglan gününiň 270 ýyllygyna
Türkmenistanda 'duzaga salnan' rus raýaty ahyry azatlyga çykdy
Söýgi hakda...: Resul Gylyjow we türkmen sahnasynyň ýyldyzlary täze konsert berdiler
Türkmenistan öz raýatlaryny Kazandan alyp gaýdar
Türkmenistanly R.Sultanow MMA-35-de russiýaly türgenden üstün çykdy
Günorta Koreýanyň ýaý atyjylary toparlaýyn ýaryşda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar