Türkmenistanly R.Sultanow MMA-35-de russiýaly türgenden üstün çykdy

Türkmenistanly R.Sultanow MMA-35-de russiýaly türgenden üstün çykdy

Türkmenistanly Rasulbek Sultanow garyşyk göreş boýunça MMA Seriýa-35 ýaryşynda russiýaly Alekseý Gromowdan üstün çykdy. Sankt-Peterburgda geçirilen tutluşyk birinji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy (2:04) diýip, Çempionat habar berýär.

Türkmen türgeni professional karýerasyny 2020-nji ýylyň iýulynda başlady. Ilkinji tutluşygynda BFC-57 (Belarusuň çämpionaty) ýaryşynda ukrainaly Aleksandr Lipskini ýeňdi. Geçen ýylyň sentýabrynda Russiýada Kingiseppede geçirilen ikinji tutluşygynda Rasulbek russiýaly Wladimir Osipowdan ýeňildi. Şeýlelikde, professional karýerasynyň ilkinji ýylynda türkmen türgeninde iki ýeňiş we bir ýeňliş bar.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow Impa Kasanganaý: tutluşygyň başlaýan wagty we ony nireden görüp bolar
Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi
Eriksen Mançester Ýunaýtede geçdi, Zenit Himkide asgyn geldi, Maýwezer boksa dolanmagy üçin gerek bolan puluň möçberini aýtdy: sport metbugatyna gysgaça syn
Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni belleniler, Nurana Hezretowa Aziýanyň çagalary oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy, Tele2 Russiýadan Türkmenistana jaňlaryň nyrhyny arzanlatdy
Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär