Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär

Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär

Stawropol ülkesiniň Türkmen okrugynyň Kenje-Kulak obasynyň ýaşaýjysy Bahtiýar Orazgeldiýew EAGLE FC. ligasynda üçünji gezek yzly-yzyna wagtyndan öň ýeňiş gazandy. Ozal şeýle üstünligi Habib Nurmagomedow gazanypdy. Bu barada Media türkmen agentligi ýazýar.

Bahtiýar Orazgeldiýew sport bilen meşgullanmaga 12 ýaşyndan başlady diýip, ol barada Sports.ru. ýazýar.Men altynjy synpdan soň, Türkmen okrugyndaky obadan Stawropola göçdüm. 14 ýaşa golaýlamda başa-baş el-aýak söweşi boýunça ýaryşlarda çykyş edip başladym.

Ilkibaşda birki ýaryşlarda ýeňildim, soňra çykyşlarym ugruna bolup, ýeňip başladym. 17-18 ýaşymda men SDU-nyň birinji kursunda okaýardym we ýaryşa gatnaşanymda boýnuma şikes ýetdi diýip, EFC-niň söweşijisi gürrüň berýär.

Şikes sebäpli Bahtiýar Orazgeldiýew bäş ýyl dowamly uly arakesme almaly boldy. Okuwyny tamamlap, ol goşun gullugyna gitdi şol ýerde hem onuň uly sporta tarap ýoly başlandy.

Söweşijiniň şol wagt laýyk 72 kilogram agramy bar eken we ol talaplara laýyk gelipdir. Ýaryşda ol nokaut bilen özüniň ilkinji ýeňşini gazandy. Şonuň netijesinde, ony liganyň esasy düzümine çagyrýarlar, soňraky ýeňişlerinden soň bolsa Bahtiýara resmi şertnama gol çekmegi teklip edýärler.

Stawroplolly her gün irden we agşam türgenleşýär, onuň EFC-niň eýesi Habib Nurmagomedow bilen gürleşmek hem-de ondan geljek üçin maslahatlary almak meýilleri bar.

Iýul aýynda Bahtiýar Orazgeldiýew Gazagystanda, Almatu şäherinde garyşyk başa-baş söweşler (MMA) boýunça ýaryşda garşydaşyny ýeňdi. Ýeňşinden soň, söweşiji mähriban ülkesine gaýdyp geldi, şol ýerde ol Stawropolýanyň türkmenleriniň milli guramasynyň başlygy Myrat Hajyýew we guramanyň agzalary tarapyndan hormat bilen garşylandy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewro-2024-iň saýlamasynda Daniýany utdy
Türki Döwletleriň Guramasy Biziň Iň Uly Arzuwymyzdy
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Blinken Özbegistanda Saparda Bolýar
Çawuşoglu, Özbegistanyň Daşary Işler Ministriniň Wekili Bilen Duşuşdy
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Özbegistanda Saparda Bolýar