Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi

Habib resmi taýdan UFC-niň Şöhrat zalyna girdi

Garyşyk stiliň (MMA) russiýaly söweşijisi Habib Nurmagomedow Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Şöhrat zalyna girizildi. Bu barada guramanyň sosial ulgamlarynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Dabara 1-nji iýula geçilýän gije ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde boldy. Çäräniň dowamynda Nurmagomedowa baýrak hem-de UFC-niň Şöhrat zalynyň agzasynyň ýörite penjegi gowşuryldy. Şeýle-de, gazanan sport üstünlikleri üçin Şöhrat zalyna UFC-niň eks-çempiony Daniel Kormýe hem goşuldy.

Habib MMA-da 29 söweşe gatnaşyp, olaryň her birinde ýeňiş gazandy.Soňky gezek 2020-nji ýylyň güýzünde amerikaly Jastin Getjä garşy söweşip, ondan üstün çykdy.Ol söweşden soň professional karýerasyny tamamlaýandygyny aýdyp, ejesine kakasyz söweşmejekdigine wada berendigini düşündirdi.

Habibiň kakasy we tälimçisi Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjynyň esasynda ýüze çykan kynçylyklar sebäpli 2020-nji ýylyň tomsunda aradan çykdy.Nurmagomedow karýerasyny tamamlandan soň Eagle FC promouşenini esaslandyrdy.EFC ilkinji çäresini 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ABŞ-da geçirdi.

Häzire çenli Habibiň ligasy 46 ýaryş geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Habibiň ligasyndaky türkmen türgeni çempionlygy maksat edinýär
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy
Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi