Tokio şäheriniň häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy

Tokio şäheriniň häkimliginiň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna çagyryldy

27-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi bilen bilelikde Tokio şäher häkimliginde duşuşyk geçirdi.

Tükmen wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagtynyň ylym-bilim pudagyndaky işleri bilen tanyşdy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy diýlip, TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda berlen habarda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen tarapy Tokio häkimliginiň wekillerini Türkmenistanda geçiriljek Arkadag atly akylly şäheriň açylyş dabarasyna çagyrdy.

Ýeri gelende bellesek, paýtagt Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Arkadag şäheriniň umumy meýdany 950 gektara barabar bolup, ol 70 müň töweregi ilatyň ýaşamagy üçin niýetlenendir. Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň esasy düzüm birlikleriniň biri bolan bu taslama raýatlaryň durmuşynyň ähli ugurlarynda ösen tehnologiýalary ulanmagy öz içine alýar.

Bu ägirt uly taslamanyň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlandy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy
250-den gowrak adam Aşgabatda geçirilen Ýeňiş diktanty çäresine gatnaşdy, Daşoguz welaýatynda geçirilen at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy ugrunda ýaryşyldy we beýleki habarlar
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Ýapniýanyň Soka uniwersitetiniň wekilleri özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Nazir Habibowyň täze klibi, bilim ulgamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalandyrylýar, 2023-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy we beýleki habarlar
Türkmenistan we Ýaponiýa bilen ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär