Tokioda ýenotlara uruş yglan etdiler

Tokioda ýenotlara uruş yglan etdiler

Ýaponiýanyň paýtagtynda ýerli hasyla howp salýan ýenotlara garşy berk göreş yglan etdiler. Munuň sebäbi olar daýhanlaryň ummasyz ýitgi çekmegine getirýär diýip, UPI neşirine salgylanýan m24.ru ýazýar.

Soňky 10 ýylda Tokionyň eteklerinde ýenotlaryň sany güýçli köpeldi. Mysal üçin, öň olaryň 100-si hasaba alnan bolsa, indi şäheriň çäginde 2 müň töweregi gemriji bar diýlip, habarda aýdylýar.

Hünärmenler ýenotlaryň sanynyň çalt artmagyny ýerli ýaşaýjylaryň öň olary öý haýwanlary hökmünde saklap, indi köçä kowýandyklary bilen düşündirýärler. Gözegçiliksiz galan jandarlar hasyla zyýan ýetirip başladylar.

Ýaponiýanyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda ýenotlar 2,8 million dollarlyk hasyly ýok etdiler. Ýerli häkimiýetler bu jandarlaryň garşysyna göreşmegiň kyndygyndan zeýrenýärler, sebäbi olar duzaklary hem ýok etmegi öwrendiler.

Ýene degişli makalalar

'Ygtyýarly edaranyň karary bilen'. Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär
Türkmenistanyň futbol çempionatynda ikinji aýlawa badalga berilýär
Türkmenistanyň futbol çempionaty: 5-nji tapgyryň duşuşyklary barada maglumatlar paýlaşyldy
Polisiýa 'ahlak göreşini' güýçlendirýär, ýaş ýigitler 'hilebazlygyň gurbany' bolýar
Aşgabatda elektrik ölçeýjiler barlanýar, ulanyş möhleti geçen gurallar üçin jerime salynýar
Häkimiýetler köpçülik ýerlerinde ykdysady şertlere nägilelik bildirýän raýatlary anyklaýar