Tom Henks Forrest Gampyň üstünlik gazanjakdygyna ynanmandyr

Tom Henks Forrest Gampyň üstünlik gazanjakdygyna ynanmandyr

Forrest Gamp atly rowaýaty filmde ýerine ýetiren baş keşbi üçin Iň oňat erkek keşbi ugry boýunça Oskar baýragyna mynasyp bolan aktýor Tom Henks ilkibada filmiň üstünlik gazanjakdygyna ynanmandyr. Ol bu barada New Yorker Live dabarasynda gürrüň berdi diýip, Vesti.ru ýazýar.

Zemekis öz nobatynda filmiň surata alnyşyna örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini, sähel ýalňyşlyga ýol berilse, barysynyň şemala sowruljakdygyny aýdypdyr. Olaryň azaby ýerine-de düşüpdir.

Forrest Gamp ýazyjy Uinston Grumuň adybir romany boýunça surata alyndy, ol 1994-nji ýylda ekranlara çykdy hem-de Robert Zemekisiň iň şowly filmi diýlip ykrar edildi. Film köp sanly kino baýraklaryna mynasyp boldy.

Filmde Tom Henks, Robin Raýt, Salli Fild, Heýli Joel Osment, Geri Siniz dagylar surata düşdüler.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýyl hindi kino aktýory we režissýory Aamir Hanyň bu filmiň esasynda surata alnan Lal Sinh Çadda atly filmi ekranlara çykdy. Emma ol prokatda şowsuzlyga uçrady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”
Germaniýaly ministrler Kahramanmaraş welaýatynda saparda bolýarlar
Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy
NATO, Hataýda 4 Müň Adamlyk Çadyr Şäherçe Gurýar
Nigeriýa Boko Harama Agza 1332 Terrorçy Boýun Egdi