“Tomb Raider 2” filminiň režissýory belli boldy

Köpleriň söýgüsini gazanan täze “Tomb Raider” filminiň 2-nji kinosynyň režissýory belli boldy.Filmiň ikinji bölümine “Lovecraft Country” teleserialynyň ssenariçisi we bir bölümini surata düşüren zenan Mişa Grin režissýorlyk eder.

Ol filmiň ssenarisini hem ýazar.Mälim bolşy ýaly, “Tomb Raider” filminiň täze nusgasynda Lara Kroftuň keşbinde oskarly owadan aktrisa Alisiýa Wikander surata düşüpdi.Roar Uthaugyň režissýorlyk eden 1-nji kinosy 275 million dollarlyk girdeji gazanypdy.

Meşhur wideo oýun esasynda ekranlaşdyrylan “Tomb Raider” kinolarynyň öňki iki nusgasynda da baş keşbi Anjelina Joli janlandyrypdy.

The post “Tomb Raider 2” filminiň režissýory belli boldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Meşhur aktwist barada täze film
Amerikaly aýdymçy Bobbi Storm uçarda gopgun turuzdy
93-nji OSKAR BAÝRAKLARYNYŇ ÝEŇIJILERI
Çarwadarlaryň Oskary
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
Ýylyň iň gowy 10 filmi