Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna

Milli medeniýetimizi ösdürmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny içgin öwrenmek, döwrebap kämilleşdirmek jemgyýetimiziň ruhy kuwwatyny artdyrmagyň netijeli guralydyr.

Garaşsyz Türkmenistanda syýasy özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde medeniýetiň we sungatyň möhüm orny eýeleýändigini halkymyzyň geçen taryhy ýoly aýan görkezýär. Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, eziz Watanymyzda dowam edýän bagtyýar ýaşaýşy wasp etmekde, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň mynasyp paýy bar.

Häzirki wagtda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň wekillerine döredijilik hem hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmäge, täze-täze eserler bilen ruhy gymmatlyga teşne göwünleri gandyrmaga giň mümkinçilikler döredildi.

Medeni ojaklaryň, täze gurlan kaşaň binalaryň gözelligi, olarda halka hödürlenýän sahna oýunlary, çykyşlardyr beýleki medeni çäreler tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar. Ýüreklerde ýokary ruhubelentlik duýgularyny oýaryp, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 20192025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Medeniýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň täze usullary durmuşa ornaşdyrylýar, medeniýet ulgamy sanlylaşdyrylýar, elektron hem internet hyzmatlary ýola goýulýar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi indi adata öwrüldi.

Türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň hatarynda Magtymguly Pyraga aýratyn orun degişlidir. Şahyryň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna girýär. Türkmen halky her ýyl iki baýramy bilelikde bellemek bilen, beýik nusgawy şahyryň döredijiligine aýratyn sarpa goýýar.

Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilýän giň gerimli döredijilik maslahatlarydyr dabaralar türkmeniň milli ruhy baýlygyny aýawly saklamaga hem-de ony artdyrmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde häzirki zaman türkmen medeniýetiniň, milli sungatymyzyň köpdürli öwüşginini jahana ýaýýar. Köp asyrlyk taryhy bolan baý ruhy mirasymyzy öwrenmegiň, dünýä ýaýmagyň beýleki halklar bilen dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem hyzmaty uludyr.

Aşgabat şäherinde geçirilýän bu ýylky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde hem ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda sungat eserleriniň, medeni gymmatlyklarymyzyň sergileri, maslahatlar, edebi okaýyşlar, folklor toparlarynyň çykyşlary, estrada ýyldyzlarynyň konsertleri we başga-da birnäçe medeni çäreler guralar.

Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň arasynda medeni we işjeň gatnaşyklary barha işjeňleşdirýän eziz Diýarymyz, dostlukly döwletler bilen Medeniýet hepdeliklerini ýygy-ýygydan geçirip durýar.Bu asylly ýörelge bolsa eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Edil şonuň ýaly hem ýurdumyz TÜRKSOÝ bilen, türki dilli halklar bilen ýygjam aragatnaşyk saklaýar.Halklary has-da ýakynlaşdyrýan, jebisleşdirýän bu medeni çäräniň ýurdumyzda uludan bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gabat gelmegi hem muny aýdyň görkezýär.

Türki halklaryň bagşy-sazandalarynyň hem-de tans toparlarynyň ýerine ýetiren täsirli çykyşlary Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle çykyşlar sungatyň gadymy köklerini giňden ýaýmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Muny ýurdumyzda türki dilli halklary has-da ysnyşdyrjak medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ylmy maslahatlaryň, konsertleriň, teatr oýunlarynyň, kinolaryň, sergileriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi hem äşgär etdi.

Türki dünýäniň ÝUNESKO-sy diýlip atlandyrylýan TÜRKSOÝ Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň medeniýet ministrleriniň ylalaşygy netijesinde 1993-nji ýylda döredilýär. Soňra TÜRKSOÝ guramasyna synçy döwlet hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan, Altaý, Saha (Ýakutiýa), Tuwa, Hakasiýa Respublikalary we Moldowanyň Gagauziýa Awtonom Respublikasy goşuldy.

TÜRKSOÝ her ýyl suratkeşleriň duşuşyklaryny, opera festiwallaryny, edebiýat kongreslerini we beýleki halkara forumlary guraýar. Geçen 30 ýylda türki halklaryň döredijilik we ylmy dünýäsiniň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmak çäreleriniň yzygiderli guralyp durulmagy däbe öwrüldi.

Medeniýet hepdeliginiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi döredijilik forumyna aýratyn ähmiýet berýär. Bu sungat baýramy halkymyzy zähmet üstünliklerine, döredijilikde we sungatda ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda geçirilýän bu möhüm medeni çärelere talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşýarlar.Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde aýdym-saz toparlary bar. Şol toparlar hem ýurdumyzda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Şu günler ýurdumyzda giň gerime eýe bolan, şeýle hem TÜRKSOÝ halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk hepdeliginiň çärelerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzyň Altyn miras aýdym-saz toparynyň gatnaşýandygyny uly buýsanç bilen bellemek bolar.

Ogulsabyr BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
Metbugat: Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna doly bahaly agza bolmagyna garaşylýar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar
Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
26-njy martda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” Änewde geçiriljek çärelere badalga berler