Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar

Toyota ýene-de önümçiligini azaldýar

Toyota mikroçipleriň ýetmezçiligi we koronawirus ýaýrandan soň Hytaýda karantine geçilmegi sebäpli awtoulaglarynyň önümçiligini ýene-de çäklendirýändigini mälim etdi.Reuters-iň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň iýunynda Toyota meýilleşdirileninden 50 müň awtoulagy az goýbermegi niýet edýär. Şeýle-de bolsa, birnäçe gün mundan ozal 100 müň ulagyň kem goýberiljekdigi mälim edildi. Şeýlelikde, ýapon kompaniýasy diňe iýunyň özünde, başdaky meýilleşdireni bilen deňeşdirilende, 150 müň awtoulagy az çykarar, dünýädäki ähli zawodlarynyň önümçiliginiň umumy göwrümi bolsa aýda 800 müň ulag bolar.

Ýogsam, öň Toyota 2022-nji ýylyň martyndan 2023-nji ýylyň martyna çenli 9,7 mln töweregi awtoulagy goýbermekçidi. Emma häzir Toyota-da ýyllyk önümçilik meýilnamasyny kemeltmäge "mümkinçiligiň" bardygyny habar berdiler. Kompaniýa eýýäm 2022-nji ýylyň martynda, aprelinde we maýynda birgiden zawodlaryny togtatmaga mejbur bolupdy. Toyota-da häzirlikçe şaý toplumlary bilen bagly ýagdaýyň haçan durnuklaşjakdygyny takyk ynam bilen aýdyp bilmeýärler.

2021-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýa 10,49 mln ulag (konserne girýän ähli brendler hasaba alynýar) satyp, Toyota-nyň iň iri ulag öndüriji bolandygyny bellemek gerek.Bu 2020-nji ýyla garanda 10% artykdyr.

Ikinji ýerde, 8,3 mln netije bilen, Volkswagen AG barýar, bu netije 2020-nji ýyla garanda 7% pesdir. Üçünji ýerde Amerikanyň General Motors-y barýar: 6,29 mln (-8%). Şeýle-de, ulag öndürijileriň top-5-ine Stellantis (5,29 mln, +4%) we Honda (4,12 mln, -6%) konsernleri girýär.

Ýene degişli makalalar

Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Toyota toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli zawodlaryny togtadýar
Elektroulag kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrýar
16 milliona ýetdi
Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Elektroulagda Aziýa öňde