Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň türkmen edermen alabaýy saýlandy

Oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäklerinde Türkmenistanda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy --- 2024” atly halkara bäsleşik geçirildi.

Halkara bäsleşigiň ýeňijisi ýurduň dürli sebitleri boýunça ýaryşyň deslapky tapgyrynda saýlanan tohum itleriň 10-synyň arasyndan saýlandy.

“Ýylyň türkmen edermen alabaýy" ady Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Resul Kerimowyň eýeçiligindäki Akguş atly türkmen alabaýyna berildi.

Halkara bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýy ösdürip ýetişdiren Resul Kerimow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy --- “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulag, ýörite medal, göçme Kubok we diplom bilen sylaglandy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi.

Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
ESERLERI IL GÖWNÜNI ŞAT EÝLÄR
Türkmen samboçylary Ýerewanda geçirilen Dünýä kubogynda ýedi medal gazandylar
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi