Tramp: “Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny gaýtadan dikeltmegi uzak we kyn bolar” diýdi

Tramp: “Eýranyň baýlaşdyrylan uranyny gaýtadan dikeltmegi uzak we kyn bolar” diýdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň baýlaşdyrylan uran goruny gaýtadan dikeltmegiň "uzak we kyn tapgyr" boljakdygyny aýtdy.

Tramp duşenbe güni beren beýanatynda 2025-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň ýadro desgalaryna garşy buýruk beren hüjümlerine salgylanyp: "Gije Ýary Çekiç operasiýasy Eýrandaky tozana öwrülen ýadro desgalarynyň dolulygyna we çürt-kesik ýok edilmegi bilen tamamlandy" diýdi.

ABŞ-nyň prezidenti köp wagtdan bäri guralýan hüjümleriň Eýranyň ýadro programmasyny "ýok edendigini" öňe sürdi we soňky wagtlarda uran goruny “tozan” hökmünde häsýetlendirdi.

Tramp: "Şonuň üçin ony dikeltmek uzak we kyn tapgyr bolar" diýip nygtady.

Tramp bu beýanatyny Pakistanda geçirilmeği meýilleşdirlen ýokary derejeli gepleşikleriň öňüsyrasynda berdi.

Tramp ýekşenbe güni ABŞ-nyň wekilleriniň gepleşik geçirmek üçin Yslamabada barjakdygyny aýan etdi; emma Tähran entek resmi taýdan gatnaşygyny tassyklamady, şol bir wagtyň özünde ABŞ-nyň Ormuz bogazyndaky blokadasynyň aýrylmagyny talap etdi.

Pakistan 1979-njy ýylda diplomatik gatnaşyklaryň kesilmeginden bäri 11-12-nji aprelde ýurduň paýtagty Yslamabadda ABŞ bilen Eýranyň arasynda ilkinji gezek ýokary derejeli göni gepleşiklere ýer eýeçiligini etdi, ýöne gepleşiklerde öňegidişlik gazanylyp bilinmedi.

Ýene degişli makalalar

Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy
Prezident Erdogan ýokary derejeli gepleşiklerden soň, ABŞ-Eýran diplomatik göçümini goldady
Tramp Eýran bilen parahatçylyk ylalaşygynyň umuman maslahatlaşylandygyny aýtdy
Ormuz bogazyndan soňky 24 sagatda 33 gämi geçdi
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Tramp: Eýranyň baýlaşdyrylan urany "dessine" ABŞ-a berler ýa-da başga ýerde ýok ediler
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi