Tramp Eýranyň infrastrukturasyny nyşana aljakdygyny aýdýar

Tramp Eýranyň infrastrukturasyny nyşana aljakdygyny aýdýar

28-nji fewralda ABŞ bilen Ysraýylyň bilelikdäki hüjümi bilen başlan Eýrandaky söweş, sebit ýurtlaryndaky dartgynlygyň möwjemegine we halkara bazarlara ýaramaz täsirini ýetirmäge dowam edýär.

Bu ýagdaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa çaknyşygyň bes edilmegi üçin edilýän basyşlaryň artmagyna sebäp bolýar.

Tramp Eýrandaky täze liderler bilen geçirlen gepleşiklerde çäkli öňe gidişlik edilmegi sebäpli berk tutum alyp barmaga başlady.

Tramp sosial mediadan beren habarnamasynda “Eýrana guraýan hüjümlerimizde nobat köprülere we energetika desgalaryna geldi” diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi, “Jemgyýetçilik binalara hüjüm edilmegi eýranlylary boýun egmäge mejbur edip bilmez” diýdi.

Hukukçy bilermenler bolsa, ABŞ-nyň Eýrana guraýan hüjümleriniň “potensial harby jenaýat” hökmünde kabul edilip bilinjekdigini mälim etdi.

Donald Trampyň Eýranyň energiýa infrasttukturasyny nyşana aljakdyklary baradaky hemleleri halkara bazarlara ýaramaz täsirini ýetirdi.

Nebitiň barrel bahasy bolsa söweş sebäpli ýokarlamaga dowam edýär.

Britaniýa deňiz gatnawynyň howpsuzlygy meselesinde wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirlen halkara maslahata ýer eýeçiligini etdi.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi bogazyň daş-töweregindäki gämi gatnawynyň goralmagyny göz öňünde tutýan taslamany sese goýar.

Eýran Ormuz bogazyny dolulygyna diýen ýaly ýapdy we bogazyň gözegçiligi meselesinde ýörite teklip hödürledi.

ÝB Eýranyň gämilerden geçiş üçin töleg talap etmegine garşylyk görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp Ormuz bogazy 48 sagatda açylmasa, Eýranyň energiýa desgalaryna hüjüm guramak bilen haýbat atdy
Yslamabat ABŞ-Eýran gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Wans, ABŞ-Eýran gepleşikleri üçin Pakistana geldi
Eýran mekdebe guralan hüjümi bagyşlap bolmajak harby jenaýaty hökmünde häsýetlendirdi
Netanýahu Eýranyň täze beýik ruhy liderine haýbat atdy
ABŞ Eýranyň Harg Adasyna bombaly hüjüm gurady