Fidan eýranly we pakistanly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdy

Fidan eýranly we pakistanly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkiye Respublikasynyň Daşary işler ministrligi daşary işler ministri Hakan Fidanyň eýranly we pakistanly kärdeşleri bilen aýry-aýry telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýan etdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, şenbe güni Hakan Fidan, Abbas Arakçi we Ishak Daryň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliklerinde Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikler tapgyrynda soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň ilkinji tapgyry iki hepde mundan ozal Yslamabadda geçirildi, ýöne 28-nji fewralda başlan we Ýakyn Gündogara ýaýran çaknyşygy bes etjek ylalaşyga gelnip bilinmändi.

Bu gepleşikler 8-nji aprelde Pakistanyň araçylyk etmeginde iki hepdelik ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga laýyklykda geçirilipdi we soňra bu şertnama ABŞ-nyň prezidenti Tramp tarapyndan uzadylypdy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň daşary işler ministri möhüm gepleşikler üçin anna güni Türkiyä sapar gurar
Türkiýe ABŞ-Eýran söweşiniň öňüniň alynmagy üçin diplomatiýany ileri tutýar
Hakan Fidan Eýrana guraljak harby hüjümiň hökümetiň agdarylmagyna sebäp bolmajakdygyny aýtdy
Hakan Fidan ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümlerinden soň kärdeşleri bilen söhbetdeş boldy
Fidan: Eýranda režimi üýtgetmek baradaky çagyryşlar sebitde has howply ssenariýlere elter
Milli Goranmak ministrligi Eýrandan atylan ballistik raketanyň urlup düşürilendigini habar berdi