Hakan Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Hakan Fidan eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Eýranyň Daşary işler ministri Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Hakan Fidan telefon söhbetdeşliginde Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirýändigini nygtady.

Ylalaşyga oňyn garamaýan we onuň amala aşyrylmagyny bökdemegi maksat edinýän meçew bermelere garşy ünsli bolunmalydygyny nygtan Fidan, Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola gouýlmagy üçin edilýän tagallalara goşant goşmaga dowam etjekdigini nygtady.

ABŞ bilen Eýran ylalaşyk gazandy

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif duşenbe güni ir ertir ABŞ bilen Eýranyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi.

Şerif X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “ABŞ bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy boýunça ylalaşyk gazanylandygyny buşlaýarys” diýdi.

Şahbaz Şerif iki tarapyň hem Liwan bilen birlikde ähli frontlarda harby operasiýalaryny gyssagly bes edendigini yglan edendigine üns çekdi.

Pakistanyň Premýer-ministrine görä parahatçylyk şertnamasyna 19-njy iýunda Şweýsariýada gol çekişiler.

Şerif Türkiýä minnetdarlyk bildirdi

Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif ylalaşygyň gazanylmagynda uly rol oýnan Saud Arabystanyna we Türkiýe Respublikasyna minnetdarlyk bildirýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Fidan bilen Arakçi togtap barýan ABŞ-Eýran parahatçylyk gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Fidan eýranly we pakistanly kärdeşleri bilen ABŞ-Eýran gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdy
Hakan Fidan Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Daşary işler ministri Hakan Fidan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Hakan Fidan: “Eýran bilen Amerika ylalaşygy dowam etdirmeli”
Daşary işler ministri Hakan Fidan Katarda saparda bolýar