Tramp: “Tähran amerikan esgerini öldürmese ylalaşygy dowam etdirerin”

Tramp: “Tähran amerikan esgerini öldürmese ylalaşygy dowam etdirerin”

“Woll Street Žornal” çarşenbe güni beren habarynda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň egindeşlerine Eýran amerikan esgerini öldürmese ylalaşygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Amerikaly resmilere esaslanylýan habara görä, Tramp Eýran bilen çaknyşyklaryň dowam etdirilmegini islemeýär we Ýakyn Gündogarda uly göwrümli çaknyşyklardan gaça durmak üçin birnäçe hepde hatda birnäçe aý dowam edip biljek kiçi göwrümli çaknyşyklara geçirimlilik eder.

ABŞ bilen Eýranyň arasynda aprel aýynda atyşygyň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga garamazdan şu hepde iki taraply hüjümler guraldy.

Eýran ABŞ-nyň sebitdäki harby bazalaryna we Kuweýdiň halkara howa menziline hüjüm gurady. Eýranyň guran dron we raketa hüjümlerinde 1 adam ýogaldy.

ABŞ bilen Ysraýyl 28-nji fewralda Eýrana garşy hüjüm başlatdy.

Eýran Ysraýyly we ABŞ-nyň aýlag ýurtlaryndaky harby bazalaryny nyşana almak bilen hüjümlere degişli gaýtawuly görkezdi.

Eýran mundan başgada ABŞ bilen Ysraýylyň bilelikdäki hüjümleri sebäpli Ormuz bogazyny ýapdy.

Aprel aýynyň başynda atyşygyň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy, emma ABŞ Eýranyň portlaryny gabaw astyna aldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Eýran gepleşikçileri atyşygy bes etmegiň möhletini uzaltmak hakda deslapky ylalaşyga geldi, Trampyň tassyklamagyna garaşylýar: Habarlar
Türkmenistan we ABŞ energiýa hem-de howpsuzlyk meselelerini maslahat etdiler
Prezident Erdogan ýokary derejeli gepleşiklerden soň, ABŞ-Eýran diplomatik göçümini goldady
Prezident Erdogan telefon diplomatiýasyny dowam etdirýär
Eýran baýlaşdyrylan uranyň ABŞ bilen gepleşikleriň gün tertibinde bolmandygyny aýtdy
ABŞ-nyň Eýranyň günortasyndaky harby desgalara täze howa hüjümlerini amala aşyrandygy habar berildi