TRT Damaskda wekilhana açar

TRT Damaskda wekilhana açar

TRT-nyň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajynyň görkezmesi bilen TRT-nyň Damaskda daşary ýurt wekilhanasyny açmak üçin işe girişildi.

Bu nukdaýnazardan, Siriýanyň Maglumatlar ministrligi bilen wekilhananyň akkreditasiýasy we resmi işler barada geňeşmeler geçirilýär.

Zerur rugsatlar alnandan soň, TRT-nyň Damaskdaky wekilhanasy işe başlar, wakalary ol ýerden dünýä jemgyýetçiligine ýetirer.

Damask şäherindäki wekilhananyň açylmagy bilen TRT-nyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň sany 19-a ýeter.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Türkiye Ysraýylyň Siriýanyň günortasyna guran hüjümlerini "howply giňelmeklik" hökmünde ýazgardy
Zelenskiý we Fidan Damaskda saparda bolýar
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Damaskda Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan partlamada 1 esger ýogaldy