Türk häkimiýetleri tarapyndan tutulan türkmen aktiwisti Ahmet Rahmanow açlyk yglan etdi

Türk häkimiýetleri tarapyndan tutulan türkmen aktiwisti Ahmet Rahmanow açlyk yglan etdi

22-nji oktiýabrda türk häkimiýetleri tarapyndan tutulan aktiwist Ahmet Rahmanow prezident Berdimuhamedowyň rejiminiň syýasatyna protest hökmünde gury açlyk yglan etdi diýip “Türkmen Helsinki Fondy” habar berýär.

“Men Türkmenistandaky we daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň hukuklarynyň köpsanly bozulmasyna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjekdigime umyt edýärin” diýip Rahmanow öz kararyna nutuk aýdýar.

Ahmediň açlygynyň ilkinji güni Stambulyň golaýyndaky Tuzla deportasiýa merkezindäki beýleki türkmen raýatlary hem oňa goşuldy. Ol ýerde esasan, pasportynyň möhleti gutaran türkmenistanlylaryň 100-den gowragy saklanýar. Olar sekiz adamlyk konteýnere çalym edýän ýerlerde saklanýarlar.

Ýöne, günüň ahyrynda merkeziň ýolbaşçylary “olaryň meselelerini aýyň ahyryna çenli çözjekdiklerini ”söz beripdirler.

Mundan soňra açlygy diňe Ahmet Rahmanow dowam etdirýär we dört gün bäri açlyk çekýär. Onuň töweregindäkiler iň bolmanda, suw içmäge Ahmedi yrmaga çalyşýarlar.

Çaklamalara görä, ikinji aktiwist Kamil Abulow hem Tuzlada saklanýar. Üçünji aktiwist, Baýram Allalyýew entegem polisiýa merkezinde saklanýar we onuň 25-nji oktiýabrda deportasiýa merkezine geçirilmegine garaşylýardy.

Aklawjylaa entek bularyň hiç birisi bilenem duşuşyp bilmediler.

Ahmet Rahmanowy 18-nji oktiýabrda Antalýada ýygnapdylar.

Onuň deportasiýasyna 15 günüň içinde kazyýetde garalar.The post Türk häkimiýetleri tarapyndan tutulan türkmen aktiwisti Ahmet Rahmanow açlyk yglan etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Stambulda türkmen aktiwistiniň ogluna hüjüm edildi
Stambulda türkmen aktiwisti Nurberdi Bazarow tussag edildi
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Merkezi Aziýanyň açyk ýaşlar çempionatynda bäş medal gazandylar
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert