Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Rak keseli ýaly çalt ýaýraýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ankarada “1-nji Halkara Media we İslamafobiýa Maslahatynda” eden çykyşynda; “Günbatar ýurtlarynyň başda durmagynda dünýäniň ençeme ýerinde yslam duşmançylygy keseliniň hamala diýersiňiz rak keseliniň öýjükleri ýaly çaltlyk bilen ýaýraýar” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Polşaly ministriň ÝUHU hakyndaky üns çekiji sözleri” söz başyly habarynda, Polşanyň Goranmak ministri Mariuş Blaşakyň Türkiýeden alynan ýaragly uçarmansyz howa ulaglary hakynda “Bu ÝUHU-lar diýseň gowy. Iň esasysy bolsa bular synagdan geçen we üstünligi subut edilen ulgamlar. Polşanyň goranyş ulgamyna uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Awstraliýanyň Parlamenti türk jemagatyna sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Awstraliýanyň Federal Parlamentinde M.K.Atatürk stipendiýasy hakyndaky karar ara alynyp maslahatlaşylýarka çykyş eden 5 halk deputatynyň, Atatürk, Awstraliýa-Türkiýe dostlugy bilen ýurda goşan goşantlary üçin türk jemagatyna sagbolsun aýdandyklaryna ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “500 müň adamyň karary belli boldy! Esasy bölegi Türkiýe diýdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlary bileleşiginiň başlygynyň orunbasary Dmitriý Goriniň Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky uçuşlaryň çäklendirilmegi sebäpli 500 müňe barabar rus syýahatçysynyň degişli döwürde Türkiýä gelip bilmändigini beýan edip, rus syýahatçylarynyň 60 göteriminden gowragynyň Türkiýedäki dynç alyşyny yza süýşürendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “THÝ-ä “Travel Plusdan 4 ugurda baýrak” söz başyly habarynda, howaýollary kompaniýalarynyň syýahat üpjünçiliklerini we ýolagçylara hödürleýän beýleki möhüm hyzmatlaryny sylaglandyrýan “Travel Plus” atly guramanyň Türk howaýollaryny “Ýolagçy gidiýena üpjünçiligi”, “Durnukly gaplama başlangyjy”, “Çagalaryň saglygy” we “Ýolagçy saglygy tehnologiýasy” ugurlarynda “Gold standart” baýragyna laýyk görülendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy
Emmanuel Makron Bilen Wladimir Zelenskiý Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi