“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: PKK/ÝPG-den hassahana guralan hüjümiň hasabyny sorarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nyň Sammitine gatnaşmak üçin Brýussele gitmezinden ozal geçiren metbugat ýygnagynda terror guramasy PKK/ÝPG-niň Afrinde hassahana guran hüjümi hakynda: “Terror hüjümi PKK/ÝPG-niň nähili wagşy we misginsokar guramadygyny görkezýär. Ýurdumyzda bigünä adamlary, Siriýada asuda ilaty, Yrakda kürt doganlarymyzy gyrýan şol pespällerden döken her bir damja ganlarynyň hasabyny sorarys” diýendigini ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Türk ýaragly güýçleri Tel Rifatda terror guramasy agyr zarba urdy” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK/PÝD-niň Afrinde hassahana guran hüjüminden soň türk goşunlarynyň Tel Rifatda terrorçylara degişli pozisiýalary nyşana alandygyny mälim edýär.
Edilen “jezalandyryş” hüjümleriniň netijesinde terrorçylar tarapyndan ştab kwartira hökmünde peýdalanylýan 3 sany bina bilen bir gaçybatalga we harby pozisiýa hatardan çykarylandy, köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
“Sabah” gazeti “Akaryň Liwiýa ýüzlenmesi: “Dünýä muny ýatdan çykarmaly däl” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Liwiýa guran saparynda “Liwiýanyň harby mekdebiniň talyplaryny gyrdylar, ýüzlerçe adamy mazara gömdüler. Şol adamlaryň hossarlary uly kynçylyk çekýär. Dünýä bulary ýatdan çykarmasyn” diýen sözlerini çap edýär.
“Star” gazeti “Türk ÝUHU-laryna garşy durma mümkinçiligimiz bolmazdy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň harby goşunlarynyň Daglyk Garabagda Azerbaýjana garşy söweşme ähtimallygy hakda garaýyş beýan eden Germaniýanyň Goranyş we strategik barlaglar institutynyň leýtenant polkowniki Mişel Karlyň “Türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryna garşy durmaga mümkinçiligimiz bolmazdy” diýen sözlerine ünsleri çekýär.
“Haber Türk” gazeti “Mebel, kagyz we tokaý hojalygy önümleri pudagynyň eksporty 28 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň mebel, kagyz we tokaý hojalygy önümleriniň eksportunyň ýylyň 5 aýynda 2020-nji ýylyň degişli döwrüne görä 28 göterim ýokarlap, 2,6 milliard dollara barabar bolan bolsa, şol mukdaryň 1,6 milliard dollary mebel satuwyna degişlidigini ýazýar.
