Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Akaryň Palestina hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň resmi sapar bilen Türkiýede bolýan Ysraýylyň Goranmak ministri Benžamin Gans bilen duşuşandygyny ýazýar. Ministr Akar duşuşykda “Garaýyşlarymyzy beýan etdik. Hyzmatdaşlygymyzyň we dialogumyzyň artmagy Palestina meselesiniň başda durmagynda düşnüşmeýän ugurlarymyzda-da ylalaşyk gazanylmagyny ýeňilleşdirer” diýdi.

“Star” gazeti “Polşanyň tolgundyryjy Baýraktar habarnamasy” söz başyly habarynda, Polşanyň Goranmak ministri Marius Blaşagyň Twitter hasabyndan uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB2” ulagynyň wideo ýazgysyny paýlaşyp, “Gelýärler” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Polşanyň Goranmak ministrligi bolsa Blaşagyň habarnamasyna salgylanyp ; “Garaşyň” diýip ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Gazpromyň başlygynyň Türkiýe hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Gazprom açyk paýdarlar jemgyýetiniň Başlygy Wiktor Zubkowyň Türkiýede açylmagy meýilleşdirilýän tebigy gaz merkeziniň Russiýanyň we Türkiýäniň ýany bilen, Azerýanjanyň we Ýewropanyň hem bähbidine boljakdygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe 9 aýlyk döwürde 40,2 million syýahatçy kabul etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýylyň 9 aýlyk döwründe 40,246,899 syýahatçyny kabul edip, jemi 35 million dollardan gowrak girdeji alandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “THÝ ýene-de bir gezek “World Klass” baýragyna laýyk görüldi” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň 2023 APEX Offisal Airlaýn Reýtinde iki baýraga eýe bolandygyny mälim edýär. THÝ 5 ýyldyzly global howaýollarynda “APEX-iň” iň ýokary baýrak topary bolan “World Klassy” ýene-de bir gezek eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Ilon Mask Nobeliň parahatçylyk baýragyna hödürlendi
“Bizi we Döwletimizi Goraýandygyňyz Üçin Size Sagbolsun Aýdýaryn”
Mariupolda Asuda Ilatdan 70 Adamyň Jesedi Tapyldy
Russiýa Harby Däl Gämileriň Çykyş Üçin Ynsanperwer Geçelge Açýar
Russiýa: "Azowstal metallurgiýa zawody boşadyldy" diýdi
Russiýa-Ukraina Gepleşikleri Saklandy