Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Akar: Fransuzlaryň ýylyna özüni çakmaga başlady” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Fransiýanyň paýtagty Parižde başdan geçirilen hüjümlerden soň terror guramasynyň ýaranlarynyň protestleri hakynda beren beýanatynda; “Fransuzlaryň hemaýatyndaky ýylan, özlerini çakmaga başlady. Hemmeler indi bu terror guramasynyň hakyky ýüzüni görsün” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Kalyn we Çelik Fransiýa reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Twitterden beren habarnamasynda, PKK terrorçylarynyň Parižiň köçelerini oda berendigini beýan edip; “Henizem dymmaga dowam edýäňizmi?” diýip, reaksiýa bildirendigini ýazýar. Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çelik bolsa; “Terror guramalaryna hemaýat edýänler, terror bilen ýüzleşdi” diýdi.

“Sabah” gazeti “Milli lazer ulgamy “ALKA” gyşarnyksyz urdy” söz başyly habarynda, “ROKETSAN” firmasy tarapyndan öndürilen ýerli we milli Ugrukdyrýan energiýa ýarag ulgamy “ALKA-nyň” geçirilen synagda nyşanany gyşarnyksyz urandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Galla geçelgesinden 15 milli tonna galla dalaşdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň 1-nji awgust bilen 26-nji dekabryň aralygynda jemi 585 gäminiň Ukrainanyň portlaryndan galla daşandygyny nygtap; “Jemi gatnadylan ýüküň mukdary 15 million 80 müň tonnadan geçdi” diýdi.

“Watan” gazeti “2022-nji ýylda 119,817 bosgun ýurtdan çykaryldy” söz başyly habarynda, İçeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň 2022-nji ýylda 274,311 bikanun immigrantyň Türkiýä gelmeginiň öňüniň alynandygyny we ýurtdan çykarylan bikanun immigrantlaryň sanynyň bolsa 119,817-ä ýetendigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Ärdogan üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Awaza geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny