Ýeni Şafak gazedi: "Akar: Siriýalylara garşy hiç bir zat etmeris" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Moskwada Goranmak ministrleriniň we Milli Howpsuzlyk gulluklarynyň arasynda geçirilen Üçtaraplaýyn maslahat bilen bagly: "Biz Türkiyede we Siriýada ýaşaýan siriýaly doganlarymyza garşy hiç bir zat etmeris. Olary kyn ýagdaýa düşürjek hiç hili hereket etmedik, mundan soň hem etmeris" diýendigini habar berýär.
Hürriýet gazedi: "Soňy siz üçin gowy bolmaz" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Gresiýanyň metbugatynda territorial suw giňişliginiň 12 mile ýetiriljekdigi bilen baglanşykly habarlar barada: "Ol 12 mil eken, Egeý deňizinde 1 mil hem giňelmegine rugsat bermeris.
Mejlisimiziň bu meselede 1995-nji ýylda kabul eden karary çürt-kesikdir we entegem öz güýjüni goraýar.Gresiýa ýene-de bir gezek duýduryş berýäris: Arkaňa almaga synanyşýanlaryňa ynanyp galp gahrymançylyk etjek bolma.
Başdan geçirmelere ýüz tutma.Soňy siz üçin hiçem gowy bolmaz" diýendigini mälim edýär.
Star gazedi: "ABŞ-nyň Prezident Erdogan bilen bagly boýun almasy" söz başyly habarynda, Merkezi ABŞ-da ýerleşýän Atlantic Council atly analitik merkezi, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýa-Ukraina söweşindäki syýasaty barada öwgüli sözler aýdandygyny beýan edýär. Çap edilen makalada Prezident Erdogan barada: "Erdogan bolmasady gytçylyk bolardy" diýip boýun alyndy.
Sabah gazedi: "Rus syýahatçylar täze ýylda Türkiyäni saýlaýarlar" söz başyly habarynda, Russiýanyň Ria Nowosti habarlar agentligi habarynda, Türkiyäniň täze ýyl günlerinde rus syýahatçylaryň ileri tutýan syýahatçylyk nokady boljakdygyny aýdandygyny aýan edýär.
Watan gazedi: "Sanly türk lirasynda ilkinji töleg amala aşyryldy" söz başyly habarynda, Türkiye Respublikasynyň Merkezi Bankynyň, Sanly türk lirasy taslamasynyň 1-nji synag işleriniň çäginde ilkinji töleg işleriniň üstünlikli ýagdaýda amala aşyrylandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
