Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi

Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi

Sony Global kompaniýasy resmi YouTube-ýaýlymynda futuristik rolik çap etdi, onda ýapon kompaniýasy golaý geljekdäki dünýäni nähili çaklaýandygyny görkezýär diýip, Mail.ru ýazýar.

Sony öňdäki 10 ýylda biziň dünýämiziň köp gatly boljakdygyny çaklaýar. Onda hiç hili serhetsiz wirtual we fiziki barlyklar bir-birine galtaşarlar.

Kompaniýanyň hünärmenleri şeýle-de wideoda adaty bolmadyk enjamlary görkezdiler, olar çarçuwasyz we kagyz ýaly inçejik planşet, togalak smartfon we uçýan ekranly oýun konsolydyr. Emma Sony özüniň bu görnüşdäki enjamlary heniz öndürmändigini habar berdi,

Öň bu kompaniýa ýanyňda göterilýän serginledijini öndüripdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iri buzdag 37 ýylda ilkinji gezek herekete geldi
Internetde Täze ýyl arçasyny bezemegi öwredýän wideo ýerleşdirildi
Tesla zawodynda robot adama hüjüm etdi
Hytaýly alymlar dünýäde ilkinji suwuk ýat döretdiler
ABŞ-da elektron deri döretdiler
Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar