Hytaýly alymlar dünýäde ilkinji suwuk ýat döretdiler

Hytaýly alymlar dünýäde ilkinji suwuk ýat döretdiler

Terminator filmindäki suwuk robot Т-1000 durmuşda, hakykatdanam, döräp bilse gerek diýip, Mail.ru ýazýar.

Munuň sebäbi Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň inženerleri dünýäde ýeke-täk maýyşgak operatiw ýat döretdiler, ol edil suwuk Terminator ýaly şepbeşik metaldan ýasalandyr. Täzelige FlexRAM diýip at berdiler.

FlexRAM suwuk galliden durýar, ol nusgawy tranzistorlary çalyşmaga ukyplydyr. Indi suwuk ýadyň birje damjasy maglumatlaryň 8 baýtyny saklamagy başarýar. Bu adaty DRAM-lar bilen deňeşdirilende, juda az.

Täze suwuk ýadyň öýjükleri plastigiň aýratyn görnüşi bolan we zeperlenmede öz asyl nusgasyna gaýdyp gelýän Ecoflex diýen materialda ýerleşdirildi.

Täze ýadyň ýene bir kemçiligi, ol gaýtadan ýazmagyň 3500 sikline niýetlenendir, emma onuň artykmaçlyklary hem bar, mysal üçin, FlexRAM maglumaty öçürilen ýagdaýynda 12 sagatlap ýitgisiz saklamaga ukyplydyr.

Alymlar munuň geljegiň tehnologiýasydygyny aýdýarlar. Mysal üçin, çeýe ýady kindiwanja gajetlere, robotlara, akylly beýni implantlaryna we beýleki futuristik enjamlara ornaşdyryp bolar.

Ýene degişli makalalar

Şwarsenegger ýene-de “Terminator” bolar
“Terminator 6” surata düşüriler
Terminatoryň ýüregine operasiýa edildi...
10 milliard dollara ýetdi
"Terminatoryň" ýüregi operasiýa edildi
Arnold Şwarsenegger Netflix-iň täze seriýalynda baş keşbi janlandyrar