Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly G20-de giňişleýin ýüzlenme berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministi Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Hindistanyň paýtagty Täze Delide geçirilen G20-niň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda beren beýannamasynda, Howpsuzlyk geňeşi, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýaly BMG-niň düzümleriniň ýany bilen Bütindünýä söwda guramasy we halkara maliýe guramalarynyň giňişleýin özgertmelere zerurlyk duýýandygyny aýdandygyny ýazýar. “Watan” gazeti “G20-njiň maslahaty ýer titremelerde pida bolanlary hatyralamak bilen başlady” söz başyly habarynda, Hindistanyň paýtagty Täze Delide geçirilen G20-niň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň düýn 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerde pida bolanlaryň hormatyna dymyşlyk etmek bilen başlandygyny mälim edýär. “Hürriýet” gazeti “Milli goranmak ministri Hulusi Akar düýn Horwatiýanyň Goranmak ministri Mario Banozij bilen geçiren duşuşygynda, Türkiýe bilen Horwatiýanyň arasynda goranyş hem-de howpsuzlyk ugurlary bilen maglumat alyşandyklaryny aýdandygyny ýazýar. “Sabah” gazeti “Antalýa syýahatçylykda täze lider” söz başyly habarynda, Ortaýer deňizi sebitiniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň başynda durýan Antalýa üstümizdäki ýylyň 1-nji ýanwary biln 28-nji fewraly aralygynda howa ýoly arkaly gelen syýahatçy sanynyň 450,283 adama barabardygyny mälim edýär.

Bu san, syýahatçylykda ähli döwürleriň iň ýokary başlangyjy bolup durýar. “Star” gazeti “Ystaýyl Türkiýäni saýlap aldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Ysraýyla aýna önümleri eksportunyň 400 million dollara barabar bolan bolsa, şol mukdary artdyrmak we täze müşdeler edinmek üçin türk firmalarynyň Ysraýyla barandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar