Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan”gazeti “Nýu-Ýorktda Türk öýine hüjüm guraldy” söz başyly habarynda, ABŞ-da Türkiýäniň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy bilen Nýu-Ýorkdaky Baş konsullugynyň ýerleşýän binasyna Türk öýüne hüjüm guralandygyny habar berýär.

Şahsyýeti näbeli bir adam Türkiýedäki prezident saýlawy üçin saýlaw merkezi hökmünde hem ulanylýan Türk öýüniň binasynyň aşakky gatynyň aýnalaryny döwdi. Hüjüm bilen arabaglanşykly derňew işi gozgaldy.

“Star” gazeti, “Erdogandan ABŞ-na ýüzlenme: Şol terrorçyny tapyň” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, terror guramasy PKK-nyň tarapdarynyň, Türkiýedäki saýlawlar üçin Ýewropada ses berýän saýlawçylara guralan hüjümden soň ABŞ-da hem Türk öýüniň aýnalarynyň döwülendigine ünsi çekendigini ýazýar.

Amerikaly ýolbaşçylara ýüzlenen Erdogan “Türk öýüniň aýnalaryny döwen terrorçyny tapyň” diýdi.

“Sabah” gazeti, “Siriýalylaryň howpsyz zolaklara dolanmaklary üçin tagalla edilýär” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň wekili Numan Kurtulmuşyň, häzire çenli söweşden gaçan 550 müň siriýalynyň howpsuz zolaklara dolanandyklary hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Siriýalylaryň meýletin we howpsuz ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary üçin tagalla edýändiklerini aýdan Kurtulmuş, “1 million siriýalynyň ýurtlaryna dolanmaklary üçin degişli çäreler görülýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýäniň ykdysadyýetine bolan ynam artmaga dowam edýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetine bolan ynamyň artmaga dowam edýändigini, sarp ediji indeksiniň maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 4 göterim artyp 9,1 1 bala ýetendigini mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti, “Ministr Nebati: Türkiýe birnäçe ýurtdan öňe geçdi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň “Epidemiýa döwründe dünýä ýurtlarynda ösüş depgininiň aşaklandygy, Türkiýäniň ösüş depgininiň bolsa ýokarlandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.

Nebati “Türk ykdysadyýeti 2021-nji ýylda 11,4 göterim, 2022-nji ýylda Russiýa-Ukraina söweşine garamazdan 5,6 göterim ösdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
BMG Ukrainada Asuda İlatdan 10 Müň Adamyň Öldürilendigini Habar Berdi
“Azerbaýjanyň Goşunlaryna Gyýa Göz Bilen Garalmagyna Ýol Bermeris”
Billstrem: "Türkiyäniň aladalaryny çözeris" diýdi
Fransiýada polisiýa işgäri tarapyndan od açylan hüjümçi ýogaldy
El çarpylýan ýygnaklar, medallar 'SSSR-i ýykan däpleri dowam etdirýär'