Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Erdogan: Prezident dolanşygy hökümet ulgamy halkdan ynam sesini aldy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň “14-nji we 28-nji maýda geçirlen saýlawyň netijelerinden biri hem prezident dolanşygy hökümet ulgamynyň halkdan ynam sesini almagydyr” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “Kremliň Erdogan-Putin duşuşygy hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Kremliň metbugat sekreraty Dmitýir Peskow, Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyn döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň soňky telefon söhbetdeşliginde ýakynda duşuşmak boýunça ylalaşyk gazanandygy hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär. Peskow “Duşuşyk üçin taýarlyk görýäris” diýdi.

“Hüriýet” gazeti, “Türk ykdysadyýeti birinji çärýekde uly ösüş etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Hasabat guramasynyň, türk ykdysadyýetiniň üstümizdäki ýylyň birinji çärýegindäki ösüş görkezijilerine görä, Türkiýäniň birinji çärýekde 4 göterimlik ösüş edendigini habar berýär.

“Watan” gazeti, “Stambul howa menzilinden 205 milliondan gowrak ýolagçy syýahat etdi” söz başyly habarynda Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglynyň 2018-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda açylan Stambul howa menzilinden şu günki güne çenli jemi 1 million 417 müň uçar saparynyň guralandygy we 205 milliondan gowrak ýolagçynyn syýahat edendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Bodruma iki kruiz gämisi bilen 1982 syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyna iki kruiz gämisi bilen 1982 syýahatçynyň gelendigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Geçen Ýyl Kruiz Gämileri Bilen 1 Million Syýahatçy Geldi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi