Geçen Ýyl Kruiz Gämileri Bilen 1 Million Syýahatçy Geldi

Geçen Ýyl Kruiz Gämileri Bilen 1 Million Syýahatçy Geldi

Ulaglar we infstruktura minisrti Adil Karaismailoglu, geçen ýyl kruiz gämileri bilen gelen ýolagçylaryň sanynyň 22 göterim artyp 1 million adamdan geçendigini mälim etdi.

Adil Karaismailoglu, beren ýazmaça beýannamasynda, 2022-nji ýylda Türkiýä gelen kruiz gämileriň sany hakynda maglumat berdi.

2021-nji ýylda 78 kruiz gämisi bilen 45 müň 362 ýolagçynyň Türkiýä gelendigini ýatladan Karaismailoglu, 2022-nji ýylda kruiz gämileriniň sanynyň 12 göterim artyp 991-e ýetendigini, ýolagçy sanynyň bolsa 22 göterim artyp 1 million 6 müň adamdan geçendigine ünsi çekdi.

Ministr Karaismailoglu geçen ýyl Kuşadasyna 464 gämi bilen 493 müň 834, Galataporta 143 gämi bibilen 220 müň 82, Bodrum portuna bolsa 98 gämi bilen 95 müň 462 ýolagçynyň gelendigini belledi.

Ulaglar we infstruktura minisrti Adil Karaismailoglu, Sinobyň, Amasranyň we Trabzonyň hem kruzis syýahatçylygynda ünsleri özüne çekýändigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada iň uzyn ötügiň açyljak wagty belli boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi