Ýewropada iň uzyn ötügiň açyljak wagty belli boldy

Ýewropada iň uzyn ötügiň açyljak wagty belli boldy

3-nji maýda Türkiýede Zigana ötügi (tunneli) açylar, ol ýurduň iki ülkesini — Trabzony we Gümüşhaneni birleşdirer. Bu barada ýurduň ulag ministri Adil Karaismaýiloglu habar berdi diýip, TurkicWorld habarlar saýtyna salgylanýan Trend ýazýar.

Ministr öz beýanatynda ötügiň uzynlygynyň 14,5 kilometre ýetýändigini aýtdy. Biz dünýäniň täze Ýüpek ýoluny gurýarys. Ötük Türkiýäni Günorta Kawkaz ýurtlary, Eýran we Ýakyn Gündogar bilen birleşdirer diýip, Karaismaýiloglu nygtady.

Ýeri gelende aýtsak, ötügiň gurluşyk işleri Gümüşhanede 2016-njy ýylyň aprelinde badalga alypdy, Trabzon tarapda bolsa onuň gurluşygyna şol ýylyň awgustynda girişildi.

Täze Zigana ötügi ýangyjy hem-de wagty 58,1 million lira çenli tygşytlamaga hem-de howa taşlanýan zyýanly galyndylaryň möçberlerini 15 müň 779 tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Geçen Ýyl Kruiz Gämileri Bilen 1 Million Syýahatçy Geldi
Türkiýe-Özbegistan-Azerbaýjan Üçtaraplaýyn Maslahaty Daşkentde Başlady
Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew, Türk Resmi Wekiliýetini Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stambul Howa Menzili Türkiýä 117 Milliard Ýewrolyk Girdeji Gazandyrdy