Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan: Gyrgynçylygyň togtadylmagy biziň boýnumyzyň borjy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň; “Palestinaly doganlarymyzyň Ysraýylyň zulmundan halas edilmegi, Gazada dünýäniň gözüniň öňünde edilýän gyrgynçylyklaryň togtadylmagy hem biziň boýnumyzyň borjy. Gazadaky doganlarymyzy asla eýesiz, çäresiz we ýeke-ýalňyz goýmarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Koja: Gyssagly bejergi zerurlygy bolanlar Türkiýä getiriler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň; “Gazadaky Türkiýe-Palestina dostluk keselhanasynda bejergi alýan rak kesellileriň başda durmagynda, ozal bize habar berilen we gyssagly bejergä zerurlyk duýýan 1000-e golaý hassanyň hem-de ýaralynyň Rafah gümrük geçelgesiniň üsti bilen Müsüre getirilmegi üçin iş alyp barýarys.

Soňky rak kesellileri we ýagdaýy agyr bolanlaryň tiz kömek uçarlary we gämi keselhanasy bilen ýurdumyza getirilmegi meýilleşdirilýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “8 welaýatda terrora agyr zarba” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň 8 welaýatda geçirilen “Gahrymanlar operasiýasynyň” çäginde terror guramasy PKK degişli 21 gowagyň we gaçybatalganyň hatardan çykarylandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “ “Bakraktar TB3” ýaragly uçarmansyz howa ulagy synagy üstünlik bilen tamamlady” söz başyly habarynda, “Baýkaryň” milli we özboluşly häsýetde öndüren “Bakraktar TB3” ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň Marmara sebitindäki tizligi sagatda 130 kilometre baryp ýetýän tupanyň agyr şertlerinde geçiren 5 sagatlyk synag uçuşyny üstünlik bilen tamamlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 15 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň şu ýyl Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynyň 15 milliondan geçendigini aýdandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny