Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, Erdogan: “Ysraýyl geň galdy, bu bir başlangyç” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň, düýn Milli howpsuzlyk gullugynyň döredilen gününiň 97 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabarada möhüm ýüzlenme berendigini ýazýar.

Milli howpsuzlyk gullugynyň Mossada garşy geçiren operasiýasy hakynda durup geçen Erdogan, “Ysraýylyň ýurdumyzdaky içaly toparyny täsirsiz ýagdaýa getiren guramamyz, bize wehim salýanlara degişli jogaby berdi.Ysraýyl geň galdy.

Duruň bu entek başlangyç.Türkiýäni tanamaly bolarsyňyz” diýip belledi.

“Star” gazeti, Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Kalyn “Milli Howpsuzlyk Akademiýasynyň açylandygyny yglan edýändigim üçin özüni bagtly hasap edýärin” söz başyly habarynda, düýn Milli howpsuzlyk gullugynyň döredilen gününiň 97 ýyllygy mynasibetli geçirlen dabarada çykyş eden Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalynyň, “Türkiýäniň razwetka taýdan uly mümkinçilige eýe bolmagy maksady bilen Milli Howpsuzlyk Akademiýasynyň açylandygyny yglan edýändigim üçin özümi bagtly hasap edýärin” diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Ministr Fidan Täjigistanda saparda boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn Täjigistana guran resmi saparynyň çäginde Prezident Emomali Rahman bilen duşuşandygyny habar berýär. Ministr Fidan täjik kärdeşi Sirožiddin Muhriddin bilen bolan duşuşygynda özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýeden 2023-nji ýylda 151,6 million dollarlyk fstyk eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýeden 2023-nji ýylda 96 ýurda fystyk eksport edilip 151 million 568 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny mälim edýär.

Fystyk eksportunda Germaniýa esasy orun eýeledi.Germaniýa geçen ýyl 36 million 9 müň dollarlyk fystyk eksport edildi.Germaniýadan soň sanawda 22 million 460 müň dollar bilen İtaliýa ikinji, 12 million 628 müň dollar bilen Yrak üçünji orny eýeledi.

“Sabah” gazeti, “AKSUNGUR uçarmansyz howa ulagyndan buýsandyryjy habar” söz başyly habarynda, ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen AKSUNGUR uçarmansyz howa ulagyndan buýsandyryjy habaryň gelip gowşandygyny ýazýar. AKSUNGUR uçarmansyz howa ulagy ilkinji gezek milli hereketlendiriji TEI-PD bilen 41 sagatlyk uçuşy amala aşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Özbegistanda Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy
Türkmenistan ÝB bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Orta Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri bilen duşuşdy