Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Güýçli ýurtlaryň hataryndaky ornumyzy eýeläris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Malatýa welaýatynda guralan mitingde halka ýüzlenip çykyş edendigini ýazýar. Erdogan Türkiýäniň diplomatiýasy, ykdysadyýeti, harby güýji, jemgyýetçilik gurluşy bilen dünýäniň esasy ýurtlarynyň hatarynda mynasyp ornuny eýeleýänçä göreşmäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

“Sabah” gazeti “Erdogan terrorizme garşy göreş boýunça berk ýüzlenme berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň terrorizme garşy göreş boýunça çürt kesik ýüzlenme berendigine ünsleri çekýär. Yrakdaky operasiýalaryň maksadalaýyk dowam edýändigini nygtan Erdogan; “Imperalistleriň oýnatgysy bolan hakynatutma ganhorlar sürüsiniň köküni iru-giç hökmany suratda gazarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Yrakda PKK-ny ýok etme strategiýasy” söz başyly habarynda, terror guramasy PKK-mny Yrakda ýok etmek üçin sebitde bazalar döredilip, howpsuz zolaklaryň guruljakdygyny, şeýlelikde terrorçylaryň daglyk sebitlerden düzlük meýdana sürüljekdigini ýazýar. Guramanyň güýçli bolan sebitleri gözegçilik astyna alynar. PKK-nyň Kandil, Süleýmaniýe, Mahmur we Sinjar ýaly giňden ornaşan etrapçalarynda Yragyň goşuny bilen bilelikde operasiýalar guralar.

“Star” gazeti “Türkiýe Ysraýyla reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada “Ysraýylyň degişli edarasynyň Günbatar Şeriada 3500 ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin tassyklan meýilnamasy Palestinanyň territoriýasyndaky basyp alyşyň giňelmegini aňladýar. Meýilnama dessine bes edilmeli” diýilýändigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Atlantik Geňeşiniň Türkiýe hakyndaky üns çekiji analizi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli ýaraglarynyň global bazarlarda ünsleri özünde jemlemäge dowam edýän bolsa, merkezi ABŞ-da ýerleşýän ylmy-barlag guramasy Atlantik geňeşiniň Türkiýäniň milli goranyş senagatyndaky üstünlikleriniň Ýewropanyň howpsuzlygyny hem üpjün etme şertini döredýändigini ýazandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy