Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş: Netanýahu we topary iru-giç hasabat berer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň derejesinde Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen maslahatyna gatnaşandygyny ýazýar.

Kurtuşmuş: “Netanýahu we topary iru-hasabat berer.Ysraýylyň güýji musulman dünýäsiniň bölünmeginden gelip çykýar.Palestina gowgasyna eýe çykalyň.Umumy bähbitler üçin syýasy tapawutlyklary bir gyra goýalyň” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýäniň ÝB-ne eksporty 80,4 milliard dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň Başlygy Mustafa Gültepänin Türkiýäniň üstümizdäki ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda ÝB-ne agza ýurtlara eden eksportynyň 80,4 milliard dollara ýetendigini we onuň jemi eksportyň 41,7 göterime deň bolandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ulak aragatnaşyk, tehnologiýa dünýäsiniň esasy çärelerinden biri bolan “GITEX Dubaýa” gatnaşar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli baza beket öndürijisi “ULAK Haberleşme” firmasynyň “Dubai World Trade Jentrede” 14-18-nji oktýabr aralygynda geçiriljek tehnologiýa dünýäsiniň esasy çärelerinden biri bolan “GITEX Dubai” sergisine gatnaşjakdygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “UEFA Halil Umut Melere uly jogapkärçilik berdi” söz başyly habarynda, FIFA kokardaly emin agza Halil Umut Melerin ertir Şweýsariýa bilen Daniýanyň arasynda oýlanjak UEFA-nyň Halkara A ligasynyň bäsleşigini gönükdirjekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazada ýaraşygyň düzgünini bozdy we iki palestinalyny öldürdi
Tramp: ABŞ Eýran ýadro maksatnamasyny gaýtadan dikeltse hüjüm eder
Türkiye Somali bilen energiýa we howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk eder
Eýran ABŞ-nyň soňky howplary barada HAEG-e hat iberdi
Welaýaty: Eýran halky birnäçe müň ýyllyk taryhynda öz topragynyň territorial bitewüligini gorady
Pakistan: Amerikanyň Eýrana garşy agressiw çemeleşmesi Kynçylyk döredýär