Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Gazada durnukly ylalaşyk gazanylmasa, sebitde asudalyk bolmaz” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýede saparda bolýan Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda; “Liwanda ylalaşygyň gazanylmagy kanagatlandyryjy waka. Gazada durnukly ylalaşyk gazanylmasa, sebitleýin asudalyk bolmaz” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “72 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň ýurduň içinde we daşynda geçirilen operasiýalar hakynda beren maglumatynda, soňky bir hepdede ekstremist terror guramasyna agza 72 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Oktýabrda eksport artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportynyň oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli aýyna görä 3,1 göterim ýokarlap, 23,5 milliard dollara, importunyň bolsa üýtgemän, 29,4 milliard dollara barabar bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Star” gazeti “Türkiýeden dostlukly ýurda “TURAL” eksporty” söz başyly habarynda, “Ramsa Sawunma” firmasynyň Baş müdiri Ramazan Güjükturalynyň öz dizaýn eden uçarmansyz howa enjamy “TURAL-yň” Aziýada böleginiň Pakistanda gurulmagy üçin ähtnama gol çekişendiklerini mälim edip, “Ilkinji şertnama bağlaşyldy, bir hepdäniň dowamynda geçiriş işleri tamamlanar. 1,5 aý soň ilkinji enjamymyz ulanmaga beriler” diýen sözlerini çap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Eýran Gürgende türkmen önümleriniň sergisini geçirmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler
Türkiýede ýene bir türkmen zenany ten söwdasynda tutuldy
Paýtagtymyzda pauerlifting boýunça maýyplary goldamak Merkeziniň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi
Türk işçilerine türkmen ilçihanasynyň öňünde piket gurnamaga rugsat berilmedi