Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatyndaky sanynda Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçmekçi.

Geçen hepde türki döwletlerde bolup geçen iň esasy waka Hytaý Halk Respublikasynyň döwlet Başlygy Si Szinpiniň Russiýa guran resmi sapary boldy. Geliň şol sapara giňişleýin ser salalyň.

Üçünji döwür üçün döwlet başlyklygyna saýlanan Si Szinpin ilkinji daşary ýurt saparyny 20-22-nji mart aralygynda Russiýa gurady. Moskwada Szinpin bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin resmi we resmi däl iki duşuşyk geçirdiler. Wladimir Putin we Si Sizinpin resmi duşuşykdan soň giňeldilen hyzmatdaşlyk we strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna hakyndaky bilelikdäki jarnama gol goýdular.

Taraplaryň bu sapar üçin gowy taýýarlyk görendikleri bilinýär.Saparyň öň ýanynda Russiýanyň Prezidenti Hytaýyň, Hytaýyň döwlet Başlygy Russiýanyň esasy döwlet gazetlerinde giňişleýin makalalar çap etdiler.Russiýa-Ukraina söweşiniň başlan güni bolan 24-nji fewrealda Hytaýyň Daşary işler ministrligi Russiýa bilen Ukrainany parahatçylyk stoluna çagyrýan 12 maddalyk resminama çap etdi.

Si Szinpiniň Russiýa saparyndan soň Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiý bilen duşuşjakdygy hakynda maglumatlar berildi.

Sizinpiniň Russiýa saparyna jogap hökmünde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişida Ukraina ilkinji resmi saparyny gurady we Ukraina goldawyny beýan etdi. Şeýlelikde Hytaýyň Russiýa we Ukrainany barlyşdyrma tagallasy häzirlikçe netijesiz galdy.

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Halkara jenaýat kazyýeti Russiýanyň Prezidenti Putin hakynda “harby jenaýat edendigi” sebäpli tussag etmek boýunça karar çykarypdy. Hytaýyň Daşary işler ministrligi Gagadaky kazyýete “döwlet ýolbaşçylarynyň eldegirilmesizligine sarpa goýulmagy” boýunça çagyryş etdi.

Günbataryň Russiýa goýan sanksiýasy sebäpli Hytaý, Russiýanyň esasy söwda hyzmatdaşyna öwrüldi. İki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 2022-nji ýylda 180 milliard dollarda barabar bolupdy. Başga bir söz bilen aýdylanda Russiýanyň Hytaýa bolan garaşlylygy artdy.

Szinpiniň Moskwa guran sapary Gündogar blogunyň günbatar bloguna garşy jebisleşýändigini görkezýär. Russiýa ugruny gündogara gönükdirdi. Dünýäde syýasy dartgynlyklar çuňlaşan halatynda Ýewraziýa ýurtlary hem taralaryny saýlamaly bolarlar.

Geliň indi bolsa Ýewraziýanyň beýleki ýurtlarynda guralan saparlara ser salalyň. 19-20-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katara döwlet saparyny gurady. 20-nji martda Prezident Berdimuhamedow Kataryň Emiri Tamim bin Hamad as-Sani bilen duşuşdy.

Duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda ýedi ylalaşyga gol goýuldy.Saparyň çäginde Prezident Berdimuhamedow Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik galkynyş gaznasyna baryp gördi.Berdimuhamedow şeýle hem öňdebaryjy katarly işewürler bilen duşuşdy.

Dohada Türkmenistanyň İlçihanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

20-nji martda Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili ýurda resmi sapar guran Serbiýanyň Mejlisiniň başlygy Wladimir Orliç bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşyklar, ÝB-ne agzalyk tapgyry, sebitleýin hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda pikir alyşyldy. Wladimir Orliç gruzin kärdeşi Şalwa Papuaşwili bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gurziýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň senesi mälim edildi, Huawei Aşgabatda telefon torlaryny giňeldýär, 2023-nji ýylda Türkmenistanda birnäçe halkara talyp olimpiadalary geçiriler we beýleki habarlar
Gruziýa Bilen Ermenistanyň Arasynda Şahadatnama Bilen Syýahat Döwri Başlar
Ýewraziýada geçen hepde başdan geçirlen möhüm wakalar
Azerbaýjanyň elektrik energiýasyny Ýewropa daşajak täze geçiriji gurlar
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýewraziýa sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary