Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

Düýn 12-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz TDG-ä agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.

Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň dowamynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekow, Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulow, Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýew, Wengriýadan agzasy Attila Tilki çykyş edip, häzirki döwürde birek-birege hormat goýmak esasynda dostlukly hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtadylar.

Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda TDG-nyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi
Rejep Bazarow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türk Döwletleri Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Öz Işine Başlady
Türk Döwletleri Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Bişkekde Öz Işine Başlady
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler