Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi

Türkiyäniň AKÝA torpedosy hakyky ot açyş synagynda nyşana alnan gämini ýok etdi

Türkiye Respublikasynyň Milli Goranmak ministrligi ýerli önümçilikde öndürilen AKÝA torpedosynyň deňiz türgenleşiginiň dowamynda üstünlikli atylandygyny aýan etdi.

Ministrlik çarşenbe güni Türkiyäniň NSosyal sosial media platformasyndan beren beýanatynda, ROKETSAN tarapyndan ýerli derejede işlenip düzülen AKÝA torpedosynyň DENIZKURDU-II 2026 türgenleşiginiň çäginde TCG Sakarya suwasty gämisinden M/G Sokullu Mehmet Paşa nyşana gämisine üstünlikli atylandygyny habar berdi.

AKÝA göni zarba urdy we nyşanany üstünlikli ýok etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň resmi beýanatyna görä, bu atyş synagy Türkiyäniň goranmak senagatynyň ýeten tehnologik derejesini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Polat Gupbanyň Gurluşygy Dowam Edýär
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy
Mustafa Ali Mehmet
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny