Türkiyäniň alma we alma suwy eksporty artdy

Türkiyäniň alma we alma suwy eksporty artdy

Egeý eksportçylar bileleşiginden berilen beýanatda, Türkiyäniň ýyllyk 5 million tonnalyk alma önümçiligi bilen dünýäde 1-nji orunda durýandygy mälim edildi.

Beýanatda teswirlerine ýer berilen Egeý Täze miwe we gök önüm eksportçylar bileleşiginiň başlygy Haýrettin Uçak, 8 aýlyk alma suwunyň eksportynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33 göterim artyp 181 million dollara ýetendigini habar berdi.

Şol wagt aralygynda täze alma eksportynyň hem 21 göterim artyp, 140 million dollara ýetendigini aýdan Haýrettin Uçak: "Alma we alma suwy boýunça ýanwar-awgust aýlary aralygyndaky eksportymyz 27 göterimlik artyş bilen 321 dolara ýetdi.

Alma eksport edýän ýurtlarymyzyň sany 70-e ýetdi.Hindistan 53 million dollar bilen iň köp alma eksport eden ýurtlaryň sanawynda 1-nji oruna eýe boldy.Alma suwy eksportynda ABŞ 96 million dollarlyk talap bilen sanawyň 1-nji ornuna eýe boldy" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýanyň Russiýa goşmaça harby güýç ugradandygy öňe sürüldi
Türkiye Germaniýa gynanç bildirdi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Gazada ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Boliwiýada awtobus heläkçiligi başdan geçirildi
Adam hukuklaryny goraýjylar türkmen raýatlary üçin hereket azatlygyny talap edýärler
Eýran Türkmenistan bilen demir ýol arkaly ýük tranzitini artdyrmakçy bolýar