Türkiýe ABŞ-Eýran ylalaşygyna kanagatlanma bildirdi

Türkiýe ABŞ-Eýran ylalaşygyna kanagatlanma bildirdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran, NSosial platformasy arkaly beren habarnamasynda “Sebitimizde dartgynlygyň ortadan aýrylmagynda we durnuklylygyň ýola goýulmagynda uly rol oýnaýan ABŞ bilen Eýranyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirýäris.

Ylalaşygyň krizisiň ortadan aýrylmagynda däl eýsem şol bir wagtda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagyna goşant goşmagyny umyd edýäris.Sebitimizde parahatçylyk ynama, dialoga, diplomatiýa we halkara hukugyna laýyklykda ýola goýlar.

Türkiýe Prezidentimiz R.T.Erdoganyň ýolbaşçylygynda sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin edilýän tagallalara goldaw bermäge dowam eder” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Gazagystanda resmi dabara bilen garşylandy
Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
Prezident Erdogan Wenesuelanyň Prezidentiniň wekili Rodriges bilen duşuşdy
Burhanettin Duran: Ankara howa menzili paýtagtymyzyň halkara derejesindäki rolyny güýçlendirer
Duran: “Türk Aşhanasynyň hepdeligi Türkiyäniň güýçli medeni mirasyny ýaşadýar”
Türkiýe Sudanda 100 Müň Gekdar Ekin Meýdanyny Dolandyrar