Türkiýe ABŞ-nyň Prezidentiniň toslama ermeni gyrgynçylygy bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýe ABŞ-nyň Prezidentiniň toslama ermeni gyrgynçylygy bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "1915-nji ýyldaky toslama ermeni gyrgynçylygy bilen bagly beýanatlar taryhy hakykata bap gelmeýär, halkara hukuga ters gelýär we onuň hiç hili güýji ýokdyr. Şoňa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 2021-nji ýylda eden ýalňyşlygyny gaýtalamak häsýetinde bolan oňaýsyz beýanaty hem degişlidir.

Syýasy sebäpler bilen taryhy hakykatlary ýoýan bular ýaly görnüşli beýanatlary we kararlary ret edýäris, şol ýalňyşlygy öňe sürýänleri ýazgarýarys" diýip habar berdi.

Taryhdan duşmançylyk çykarmakdan başga maksada ýaramaýan bir taraplaýyn we saýlama çemeleşmeleriň ahlak taýdan jogapkär we syýasy taýdan erbet pikirdigi bellenen beýanatda: "Adamkärçilikli we wyždan taýdan tutum, etniki we dini tapawut goýmadan şol döwürde başdan geçirilen ähli wakalaryň hatyralanmagy gerek.

Türkiýe ermeniler bilen birlikde Osmanlyda ýaşan ähli ilatyň başdan geçiren gam-gussalalaryny hormat bilen hatyralap geçýär. Şol hadysalary syýasatda enjam hökmünde ulanmak bilen bagly başlangyçlary ret edýäris.Türkiýe 1915-nji ýyldaky ýaly taryhy taýdan jedelleşikli döwürleriň ters pikirsiz ýagdaýda, ylmy we hukuk esaslarynyň çäginde derňelmeginiň we adalatly bir pikire ýetmegiň gerekdiginiň tarapdarydyr. Şol düşünje bilen Türkiýe umumy taryhy komissiýanyň döredilmegini teklip etdi we arhiwlerini açdy" diýip mälim edildi.

Türkiýäniň sebitinde we dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň bolmagy, hyzmatdaşlyk ruhunyň göterilmegi üçin tagalla edýändigi bellenen beýanatda, Ermenistan bilen başladylan kadalaşma tapgyrynyň şol düşünjäniň aýdyň subutnamasydygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Siriýanyň demirgazygynda ýaralanan türk esger şehit boldy
Tatar Türkçesi - 1
Tekirdag Malkara kaseri peýniri
Amasýa Jarnamasy
Ýusuf Akçura
Saraýewoda folklor festiwaly geçýär
Erzurum Kongresiniň 105-nji Ýylynda Şol Ýörelgelere Laýyklykda Ýolumyza Dowam Edýäris