Türkiýe Bilen Alžiriň Arasyndaky Söwda Gatnaşyklary Ösýär

Türkiýe Bilen Alžiriň Arasyndaky Söwda Gatnaşyklary Ösýär

Söwda ministri Ömer Bolat, Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky 10 milliard dollarlyk söwda maksadyna ýetmek üçin irginsiz işleýändiklerini aýtdy.

55-nji Halkara Alžir sergisine gatnaşmak üçin Alžire giden Söwda ministri Bolat, Alžir söwda maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ministr Bolat, dabarada eden çykyşynda Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky söwda mukdarynyň geçen ýyl 6,3 milliard dollara barabar bolandygyny nygtady.

Söwda ministri Ömer Bolat, “Özra söwda mukdary üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 8 göterim artyp 2,7 milliard dollara barabar boldy. Söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegi üçin irginsiz işleýäris. Iki ýurduň arasynda Saýlama söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin ýakynda gepleşikleriň başlajakdygyny buşlamak isleýärin” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Bolgariýada Erasmus+ maksatnamanyň çäklerinde halkara çärelere gatnaşýar
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Jewdet Ýylmaz Alžirde Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmen okuwçylary Antalýada geçirilýän 28-nji Balkan matematika olimpiýadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Çölde ýiten 14 adamyň jesedi tapyldy