Türkiye Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda sowukganlylyga çagyrdy

Türkiye Eýran-Ysraýyl dartgynlygynda sowukganlylyga çagyrdy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden Eýranyň Ysraýyla garşy guran hüjümlerinden soň beren beýanatynda, Türkiyäniň Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän urşuň ýaýramak we güýçlenmek howpunyň bardygy bilen bagly duýduryşlaryny eýýäm ençeme wagt bäri söhbetdeşlerine ýetirýändigi mälim edildi.

Beýanatda: "Ysraýylyň Eýranyň Siriýanyň paýtagty Damask şäherindäki ilçihanasyna garşy guran halkara hukuga ters gelýän hüjümleri, aladalarymyzy esaslandyrdy.Eýranyň şol hüjümlere garşylyk görkezmeginiň we ondan soň başdan geçirilen wakalaryň tiz wagtda sebitleýin uruşa öwrülip biljekdigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Başdan geçirilen wakadan ozal Eýranyň we ABŞ-nyň resmileri bilen gepleşikler geçirip, taraplary sowukganlylyga çagyrypdyk.Taraplaryň ikitaraplaýyn häsýetdäki tamalary we ýüzlenmeleri hem ýurdumyzyň üsti bilen taraplara ýetirildi, reaksiýalaryň proporsional bolmagy ugrunda gerek bolan başlangyçlar edildi. Şu gün bolsa eýranly resmilere we Ysraýyla täsiri bolan Günbatar ýurtlaryna dartgynlygy bes etmek baradaky ýüzlenmelerimizi açyk ýagdaýda ýetirýäris.

Sebitimiziň asudalygyna hemişelik häsýetde zeper ýetirjek we global derejede has uly çaknyşyklara sebäp boljak tapgyryň başlamazlygy üçin tagallalarymyzy dowam etdireris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Damaska Hüjüm Gurandygy Habar Berildi
Türkiýe Eýran Bilen Ysraýylyň Arasyndaky Dartgynlyk Boýunça Duýduryş Berdi
Stefan Dýužarrik Eýranyň Siriýadaky ilçihanasyna guralan hüjüm barada beýannama berdi
Ysraýylyň Halap Howa Menziline Guran Hüjüminde 36 Esger Ýogaldy
Ysraýyl Eýranyň Damaskdaky Diplomatik WekIlhanasyna Hüjüm Etdi
“Eýran Konsullygyna Guralan Hüjüme Degişli Gaýtawuly Görkezer”