Türkiye Gazagystandaky uçar heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi

Türkiye Gazagystandaky uçar heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Baku-Groznyý uçar gatnawyny amala aşyran ýolagçy uçarynyň şu gün irden Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda ýere gaçmagy zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi.

Wakada ýogalan adamlara Alladan rehnet, dogan-garyndaşlaryna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklary dilenen beýanatda: "Bu kyn günlerde Azerbaýjanly we Gazagystanly doganlarymyza islendik kömek beriler" diýip mälim edildi.

Gazagystanyň Aktau şäheriniň golaýynda ýere gaçan Azerbaýjanyň howaýollary kärhanasyna degişli ýolagçy uçarynyň düzümindäki 72 adamyň 25-siniň halas bolandygy habar berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew ýere gaçan uçar bilen bagly beýannama berdi
Russiýa Azerbaýjana degişli uçaryň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi
Balykesirde Bolan Partlamada 12 Adam Ýogaldy
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Braziliýada başdan geçirilen ulag heläkçiliginde ýogalan adamlaryň sany artdy
Nýu-Ýork metrosynda bir zenany ýakyp öldüren adam tussag edildi